Eýran Talibanyň Penjşirdäki hüjümlerini ýazgardy

Hatibzade, bu ýurtda ýeke-täk çözgüt ýolunyň Owganystandaky ähli taraplaryň arasynda dialogyň üpjün edilmeginden we giňişleýin hökümediň gurulmagyndan geçýändigini beýan etdi

1703418
Eýran Talibanyň Penjşirdäki hüjümlerini ýazgardy

Eýran Owganystanda Talibanyň ýurdyň paýtagty Kabulyň demirgazygyndaky Penjşir welaýatynda guran hüjümlerini ýazgaryp, çaknyşýan taraplara meseleleriň çözgüdi üçin dialog geçirmek barada çagyryş berdi. 

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Said Hatibzade, paýtagt Tähran şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda, Talibanyň Penjşir jülgesindäki hüjümlerini berk ýagdaýda ýazgarýandyklaryny habar berdi. 

Penjşirdäki ýagdaýyň aladalandyryjydygyny aýdan Hatibzade: "Taraplaryň ikisi hem bu ýoluň dogan gyrgynçylygy bilen netijelenmegine rugsat bermeli däldir. Penjşiriň halky açlykdan ölýär, suwy we elektrik togy kesildi, gabaw astyna alyndy. Taliban halkara jogapkärçiligiň çägindäki öz üstüne düşýänleri etmäge mejburdyr" diýip mälim etdi. 

Hatibzade, bu ýurtda ýeke-täk çözgüt ýolunyň Owganystandaky ähli taraplaryň arasynda dialogyň üpjün edilmeginden we giňişleýin hökümediň gurulmagyndan geçýändigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #Taliban , #Eýran , #Owganystan

Degişli Habarlar