Yragyň Kerkük şäherinde terror guramasy DAIŞ tarapyndan hüjüm guraldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 12 adam ýogaldy

1702763
Yragyň Kerkük şäherinde terror guramasy DAIŞ tarapyndan hüjüm guraldy

Yragyň Kerkük şäheriniň Dakuk etrabynyň golaýynda terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralan 2 aýry hüjümde 12 polisiýa işgäri ýogaldy.  

Kerkük şäheriniň Polisiýa gullugynyň Metbugat bölüminden berilen ýazmaça beýanatda, Kerkük şäheriniň günortasyndaky Dakuk etrabynyň Reşad obasynyň golaýynda Yragyň Federal Polisiýa güýçlerine degişli gözegçilik nokadyna DAIŞ-e agza terrorçylar tarapyndan ýaragly hüjümiň guralandygy mälim edildi. 

Hüjümde 2 polisiýa işgäriniň ýogalandygy habar berilen beýanatda, wakanyň bolan ýerine gönükdirilen goşmaça güýçlere degişli harby ulaglaryň geçýän ýoluna gizlenip goýulan bombalaryň partladylmagy netijesinde bolsa ýene-de 10 polisiýa işgäriniň ýogalandygy aýan edildi. 

Beýanatda hüjümden soň sebitde giň gerimli operasiýanyň başladylandygy mälim edildi. 

Terror guramasy DAIŞ 2014-nji ýylyň iýun aýynda Yragyň Mosul, Salahaddin we Anbar welaýatlaryny dolulygyna we Diýala we Kerkük welaýatlarynyň bolsa bir bölegini basyp alypdy. Ady agzalan ýerler birnäçe ýylyň dowamynda yzyna basylyp alynypdy. 

Ady agzalan ýerleriň obalyk ýerleriniň käbirlerinde gurama tarapyndan wagtal-wagtal hüjümler guralýar. 


Etiketkalar: #hüjüm , #DAIŞ , #Kerkük

Degişli Habarlar