Ukraina rus howpsuzlyk güýçleriniň Krymda 50-den gowrak adamy göz tussaglygyna alandygyny aýtdy

Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jeppar, Russiýanyň bikanun ýagdaýda anneksiýa eden Krymda 50-den gowrak adamy göz tussaglygyna alandygyny habar berdi

1702780
Ukraina rus howpsuzlyk güýçleriniň Krymda 50-den gowrak adamy göz tussaglygyna alandygyny aýtdy

Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jeppar, Twitterden beren beýanatynda, Ukrainanyň raýatlaryna garşy edilýän köpçülikleýin basyşyň Krym platformasyna garşy öç almak maksatly edilendigini mälim etdi. 

Emine Jeppar, gysga wagt ozal göz tussaglygyna alynan 5 krymly tatar barada maglumat almak maksady bilen Krymdaky Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullygynyň (FSB) binasyna baran, aralarynda 2 žurnalistiň hem bolan 50-den gowrak adamyň göz tussaglygyna alynandygyny aýan etdi. 

Russiýanyň Krymdaky howpsuzlyk güýçleri, aralarynda Krym tatar mejlisiniň başlygynyň orunbasary Neriman Jelal hem bolan 5 krymly tatary göz tussaglygyna alypdy. 


Etiketkalar: #Krym , #tatar , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar