Ýaponiýada Moderna sanjymyny etdiren 2 adam ýogaldy

Ýaponiýada 2 adamyň ulanylmagy bes edilen Moderna kärhanasynyň täze görnüş koronawirus sanjymy edileninden birnäçe wagt soň ýogalandygy habar berildi

1702724
Ýaponiýada Moderna sanjymyny etdiren 2 adam ýogaldy

Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi, düzüminde özge maddalaryň tapylmagyndan soň ulanylmagy bes edilen Moderna kärhanasynyň sanjymyndan 1-nji doza etdiren 2 adamyň birnäçe wagt soň ýogalandyklaryny mälim etdi. 

Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi, ýogalan adamlar bilen Moderna kärhanasynyň sanjymlarynyň arasyndaky arabaglanşygyň entek dolulygyna kesgitlenmändigini aýan etdi. 

Geçen hepde Moderna kärhanasynyň açylmadyk sanjymlarynda hapalaryň, käbir flakonlarda bolsa özge maddalaryň tapylandygyny aýdan ministrlik ulanylmadyk 1,6 million dozadan gowrak Kowid-19 sanjymyny bolsa yzyna ýygnamak barada karar kabul edendiklerini habar berdi. 

Kowid-19 Sanjymlaryndan jogapkär hökümet agzasy Kono Taro, mesele bilen bagly beren beýanatynda, hapa tapylan takmynan 500 müň dozadan gowrak sanjymyň adamlara edilendigini aýan edipdi. 



Degişli Habarlar