TRT Owganystandaky Bagram howa bazasyny görkezmäge dowam edýär

Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasy TRT ABŞ-nyň iýul aýynyň başynda bir gijede boşaldan Owganystandaky Bagram howa bazasyny görkezmäge dowam edýär

1702775
TRT Owganystandaky Bagram howa bazasyny görkezmäge dowam edýär

Owganystanyň paýtagty Kabulyň takmynan 45 km demirgazygynda ýerleşýän Bagram howa bazasy, ýurtdaky iň uly howa bazasydyr. 

Bagram howa bazasy Owganystandaky ABŞ-nyň goşunynyň takmynan 20 ýylyň dowamynda baş merkezidi. 

ABŞ-nyň goşuny bazany boşaldanyndan soň, yzynda sowutly ulaglar, dikuçarlar we harby enjamlar goýup gitdi. 

TRT bolsa ähli ünsleriň jemlenen baza girdi we ABŞ tarapyndan goýulyp gidilen zatlaryň wideosyny çekdi. 

ABŞ-nyň goşuny tarapyndan goýulyp gidilen dikuçarlar bilen birlikde ähli zatlar hatardan çykarylan. 

ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugynyň (CIA) bir ştabynyň hem ýerleşýän bazada adamlara edilen gynamalar hem habarnamalarda görkezildi. 

TRT düýn bolsa Bagram howa bazasyndaky tussaghanany görkezipdi. 


Etiketkalar: #TRT , #Kabul , #Owganystan , #Bagram

Degişli Habarlar