Taliban, Penjşir Welaýatynyň Parýan Etrabynyň Gözegçiligini Ele Geçirdi

“Penjşiriň Parýan etaby dolulygyna ele geçirildi”

1702306
Taliban, Penjşir Welaýatynyň Parýan Etrabynyň Gözegçiligini Ele Geçirdi

Taliban, Owganystanyň Penjşir welaýatynyň Parýan etrabynyň gözegçiligini ele geçirdi.

Talibanyň Medeniýet komissiýasynyň agzasy Ahmedullah Wasik, Talibanyň asly täjik Ahmed Mesudyň ýolbaşçylyk edýän ýerli güýçleri tarapyndan goralýan Owganystanyň Penjşir welaýatynyň Parýan etrabynyň gözegçiligini ele geçirdigini aýtdy.

Wasik, Twitterden beren habarnamasynda “Penjşiriň Parýan etaby dolulygyna ele geçirildi” diýdi.

Taliban, Parýanyň ele geçirilmegini paýtagt Kabulda dabaraly ýagdaýda gutlady.

Parýan, Penjşiriň merkezi Bazaraka ýakyn etraplardan biri bolandygy sebäpli strategiýa taýdan esasy orun eýeleýär. Penjşiriň 7 etraby bar.

Penşirde çaknyşyklar 3 günden bäri dowam edýär.

170 müň ilatly welaýatda umuman alnanda täjikler ýaşaýar.



Degişli Habarlar