Taliban Hökümetiň Gurulmagy Üçin Işe Girişdi

Owganystanda täze hökümetiň gurulmagy meselesi ara alyp maslahatlaşýar

1700598
Taliban Hökümetiň Gurulmagy Üçin Işe Girişdi

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullak Müjahid, Talibanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň, Owganystanda täze hökümetiň gurulmagy meselesini ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy.

Müjahid Twitterden beren habarnamasynda, Talibanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary tarapyndan Kandahar şäherinde geçirlen we 3 gün dowam eden maslahat hakynda maglumat berdi.

Talibanyň lideri Molla Hibetullahyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen maslahatda “Yslamy hökümetiň” gurulmagy, “halka erbet çemeleşilmezligi” we “emlaklaryň we guramalaryň goralyp saklanmagy” ýaly meseleleriň seljerlendigini aýdan Müjahid “Şenbe güni başlan we duşenbe güni tamamlan maslahatda ýurduň syýasy, howpsyzlyk we sosial meseleleri ähli taraplaýyn ara alnyp maslahataşyldy” diýdi.

Owganystanda “giň gerimli Yslamy hökümetiň” guruljakdygyny mälim eden Taliban, ýaňy ýakynda Prezident Hamid Kerzeý, Milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah we Hizbi Yslam partiýasynyň lideri Gülbeddin Hikmetýar bilen duşuşyk geçiripdi.



Degişli Habarlar