Nigeriýada Boko haram tarapyndan hüjüm guraldy

Nigeriýada terror guramasy Boko Harama agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 16 adam ýogaldy

1700538
Nigeriýada Boko haram tarapyndan hüjüm guraldy

Ýurdyň milli metbugatynda berilýän habarlara görä, terror guramasynyň agzalary ýurdyň Borno welaýatynyň Rann obasyna hüjüm guradylar. 

Hüjümde 1 esger we meýletin ynsanperwer kömek gullugynyň işgäri bilen birlikde jemi 16 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy. 

Ýurtda 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri barlygyny dowam etdirýän Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan köpçülikleýin terrorçylykly hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy. 

Terror guramasy 2015-nji ýyldan bäri goňşy ýurtlar bolan Kamerun, Çad we Niger ýaly döwletlere hem hüjümler guraýar. Guramanyň Çad kölüniň töweregindäki hüjümlerinde azyndan 2 müň adam ýogaldy. 


Etiketkalar: #Nigeriýa , #Boko Haram

Degişli Habarlar