Amerikan Halky Prezident Baýdeniň Owganystan Kararyna Garşy

Amerikan halkynyň 51 göterimi Baýdeniň alyp Barýan Owganystan syýasatyna garşy.

1700581
Amerikan Halky Prezident Baýdeniň Owganystan Kararyna Garşy

Amerikan halkynyň diňe 38 göterimi Prezident Jo Baýdeniň Owganystandan yza çekilmek meselesinde kabul eden kararyna goldaw berdi.

Roýteriň we Ipsosyň awgust aýynyň 27-30-y aralygynda kämillik ýaşyna ýeten amerikalylar bilen geçiren sowalnamasynyň netijeleri, amerikan halkynyň Baýdeniň Owganystandan çekilmek kararyna garşydygyny görkezdi.

Sowalnamaga görä, Amerikan halkynyň 51 göterimi Baýdeniň alyp Barýan Owganystan syýasatyna garşy.

Halkyň 38 göterimi bu meselede Prezident Baýdene goldaw berýär, 11-i göterimi bolsa ikirjiňli.



Degişli Habarlar