Ak Tam Owganystan bilen bagly beýanat berdi

ABŞ: "Kabul howa menziliniň işledilmegi we açyk ýagdaýda galmagy babatynda Türkiýe we Katar bilen işleşýäris" diýip belledi

1700526
Ak Tam Owganystan bilen bagly beýanat berdi

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jen Psaki, gündelik metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Owganystandan çekilmek tapgyrynyň we başdan geçirilen soňky hadysalaryň üstünde durup geçdi.

Hamid Karzaý halkara howa menziliniň açyk bolmagynyň her kimiň peýdasynadygyny aýdan Psaki: "Ol ýerde möhüm hyzmatdaşlar bolan türkler we katarlylar bilen bilelikde işleşýän has spesifik ugrumyz bar, ol hem howa menziliniň raýat tarapynyň ýaňadandan açylmagydyr. Şeýlelik bilen adamlaryň göçüriliş işleri däl, eýsem şol bir wagtda Bütindünýä Azyk programmasy ýaly programmalaryň üsti bilen ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi hem mümkin bolar" diýip habar berdi.

ABŞ-nyň Owganystandan çekilmek baradaky kararynyň arkasynda duran Psaki, mundan başgada ýurtdan çykmak isleýänleriň çykarylmagy babatynda Taliban bilen gepleşikleriň dowam etjekdigini aýan etdi. 

ABŞ-nyň Owganystan bilen diplomatik gatnaşyklaryny dowam etdirmek üçin Talibany ykrar edip-etmejekdigi bilen bagly soraga Psaki: "Her ýagdaýda bolşy ýaly bu hem şertlere bagly, emma häzirki wagtda bu hökümeti ykrar etmek üçin howlukmaýarys" diýip jogap berdi. 



Degişli Habarlar