Russiýa: "Orta Aziýadaky hyzmatdaşlarymyzy ýaraglandyrmaga dowam ederis" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, metbugat işgärlerine beýanat berdi

1699265
Russiýa: "Orta Aziýadaky hyzmatdaşlarymyzy ýaraglandyrmaga dowam ederis" diýdi

Russiýa Talibanyň ele salan Owganystanda başdan geçirilýänleriň, Orta Aziýadaky hyzmatdaşlaryň topraklaryna başbozarlaryň girmek howpuny ýüze çykarandygyny, şol sebäpli hyzmatdaşlaryny ýaňadandan ýaraglandyrmaga dowam etdirjekdiklerini mälim etdi. 

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, metbugat işgärlerine beren beýanatynda: "Owganystanda başdan geçirilýänler, ol ýerdäki ähli zat, Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň içinde eden ähli zadymyzyň dogrudygyny görkezdi" diýip belledi. 

Russiýa ABŞ-nyň we hyzmatdaşlarynyň çekilmegi bilen Taliban güýçleriniň Owganystanda öňe gidişlik etmäge başlamagyndan bäri, Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyndaky hyzmatdaşlary bolan Täjigistan we Özbegistan bilen Owganystan serhediniň golaýynda türgenleşikler geçirdi. 

Sergeý Şoýgu, owganystanda başdan geçirilýänler sebäpli Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyndaky hyzmatdaşlary bilen aragatnaşyk içindediklerini we alýansyň içindäki hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Sergeý Şoýgy, Owganystandaky başbozarlaryň Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyna agza ýurtlara girip biljekdigi barada duýduryş berdi. Mundan başgada Owganystandaky ýagdaýyň neşe söwdasynyň artmak howpuny öz düzüminde jemleýändigini belledi. 

Şoýgu şol sebäpli Täjigistan, Gyrgyzystan we Gazagystan ýaly ýurtlaryň goşunlarynyň ýaraglarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny öz düzüminde jemleýän programmany dowam etdirjekdiklerini habar berdi. 

Şoýgu Owganystan bilen bagly bolsa: "Ahyrynda bu ýurda asudalygyň gelmegini, Owganystanda ýaşaýan ähli halklara wekilçilik etjek bir şäriklik hökümetiniň gurulmagyny we ol ýerde gutarnykly asudalygyň gelmegini isleýäris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar