Kabulda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Hüjümiň terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralandygy nygtalýar.

1697984
Kabulda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Owganystanyň paýtagty Kabulda halkara Hamid Kerzeý howa menziliniň golaýynda bolan partlamalarda amerikaly 4 esgeriň ýogalandygy, 3-niň ýaralanandygy nygtaldy.

Kabulda halkara Hamid Kerzeý howa menziliniň ýerleşýän zolagynda 2 partlama boldy.

Al Žazeera, partlamada ýogalanlaryň sanynyň 25, ýaralananlaryň sanynyň 90 adama ýetendigini habar berdi.

Talibanly ýolbaşçy Roýter habarlar gullugyna beren beýannamasynda partlamada azyndan 13 adamyň ýogalandygyny mälim etdi

Hüjümiň terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralandygy nygtalýar.

Amerikaly bir ýolbaşçysy bolsa, ilkinji habarnama görä “kamikaze hüjümi guraldy”diýdi.

Milli goranmak ministrligi, türk harby toparyna hiç hili zeper ýetirilmändigini mälim etdi.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi partlama hakyndaky beýannamasynda “Waka gyssagly jogap bermek üçin ABŞ bilen birlikde NATO agza hyzmatdaşlarymyz bilen meseläni ara alyp maslahatlaşýarys” diýdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Dužarriç metbugata beren beýannamasynda, Baş sekretar Guterreşiň Kabulda guralan terrorçylykly hüjüme alada bildirýändigini aýtdy.

Guterreşiň, Kabulda asuda ilatyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümi ýazgarýandygyny nygtan Dužarriç, hüjümiň Owganystandaky durnuksyzlygy ýene-de bir gezek açyk aýdyň görkezýändigini belledi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hem Twitterden beren habarnamasynda Kabulda guralan elhenç terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Kabulda howa menziliniň golaýynda ýagdaýyň dartgynlaşýandygyny nygtady.

Talibanyň Kabulyň gözegçiligini ele geçirmeginden soň köp sanly adam ýurtdan aýrylmak üçin paýtagtdaky howa menziline gelipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar