Ukraina Türkiýä Minnetdarlyk Bildirdi

Ukraina Krym tatarlarynyň hukuklaryny goramak ugrundaky tagallasy üçin Türkiýä minnetdarlygyny beýan etdi

1695746
Ukraina Türkiýä Minnetdarlyk Bildirdi

Ukrainanyň Türkiýedäki İlçihanasynyň Geňeşçi ilçisi Natalia Lopatina ýurdunyň garaşsyzlygynyň 30-njy ýyly mynasybetli ýazan makalasynda, Ukrainanyň Parlamentiniň 1991-nji ýylyň 24-nji awgustynda “Garaşsyzlyk Jarnamasy Kanununy” kabul edendigini ýatlatdy.

Lopatina Russiýanyň 2014-nji ýylda ähli hukuk normalaryna äsgermezçilik edip, Ukrainanyň bir bölegi bolup durýan Krymy basyp alandygyny nygtap, onuň Ukraina hem-de Krym üçin ýaramaz netijeleriniň bardygyna ünsleri çekdi.

Lopatina Ukrainanyň ýerli halklaryndan biri bolan Krym tatarlarynyň ene watany we parlaýan syýahatçylyk merkezi Krym ýarym adasynyň esasanda, Krym tatarlarynyň adam hukuklarlarynyň basgylanmagyna sebäp bolandygyny beýan etdi.

Lopatina makalasynda şu gün paýtagt Kiýewde geçiriljek Krym platformasy sammiti hakynda-da durup geçip; “Bu möhüm maslahata 44 ýurtdan we halkara guramadan wekiliýetler gatnaşarlar. Maslahata gatnaşjaklaryň hatarynda Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň halk deputatlary Ahmet Ýyldyz bilen Mehmet Altaý hem bar. Türkiýe bilen strategik hyzmatdaşlygymyza uly sarpa goýýarys we Ankaranyň Ukrainanyn özygtyýarlylygyna hem-de territorial bitewiligine goldaw bermegi, Russiýanyň Krymy anneksiýasyny ykrar etmezlik babatyndaky üýtgewsiz pozisiýasy hem-de Krym tatarlarynyn hukuklaryny we bähbitlerini goramak ugrundaky mizemez başlangyçlary üçin minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar