Burkina-Faso döwletinde terrorçylykly hüjüm guraldy

Azyndan 19 adamyň ýaralanan hüjümden soň howpsuzlyk güýçleriniň 58 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirendigi habar berildi

1693670
Burkina-Faso döwletinde terrorçylykly hüjüm guraldy

Burkina-Faso döwletiniň Sahel sebitinde düzüminde asuda ilat we howpsuzlyk güýçleri bolan ulag kerwenine garşy guralan terrorçylykly hüjümde 47 adam ýogaldy, azyndan 19 adam ýaralandy. 

Harby we meýletin raýat goranyş işgärlerini daşaýan ulag kerweni Soum etrabynyň Gorgadji diýilen ýerinde terrorçylykly hüjüme sezewar galdy.

Hüjümde asuda ilatdan 30 adam, 14 howpsuzlyk gullukçusy we howpsuzlyk güýçlerine kömek berýän 3 meýletin ýogaldy.

Azyndan 19 adamyň ýaralanan hüjümden soň howpsuzlyk güýçleriniň 58 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirendigi habar berildi.

Goňşy ýurt Malide barlygyny dowam etdirýän Al Kaýda we DAIŞ ýaly terror guramalary bilen arabaglanşykda bolan terror toparlary, 2015-nji ýyldan bäri Burkina-Fasonyň demirgazygynda we gündogarynda ýygy-ýygydan hüjümler guraýar.

Burkina-Faso, Saheldäki beýleki goňşusy bolan Niger döwleti bilen umumy harby operasiýalar geçirse hem Malide ýerleşýän terrorçy toparlary gowşadyp bilenok. 



Degişli Habarlar