Aýda Kislorod Öndürmek Üçin Synag Taslamasy Iş Ýüzüne Geçiriler

Ýaponiýanyň we Ysraýylyň firmalary aýda kislorod öndürmek üçin synag taslamasynda hyzmatdaşlyk eder

1692134
Aýda Kislorod Öndürmek Üçin Synag Taslamasy Iş Ýüzüne Geçiriler

“Kýodo” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Ýaponiýanyň “Ispace” we Ysraýylyn “Helios” firmalary aýda kislorod öndürmegi maksat edinýän taslamada hyzmatdaşlyk eder.

Şuňa laýyklykda firmalar aýdan alynan topragy ýokary ýylylykda eredip, elektrolizleşdirip, kislorod öndürmäge synanşar.

Taslama hakynda beýannama beren ýapon firmasynyň ýolbaşçysy Hakamada Tekeşi; “Taslama bu bazara girýänleriň sanynyň artmagyny höweslendirer” diýdi.

Taslama hakynda beýannama beren Ysraýyl firmasynyň ýolbaşçysy Jonatan Geifma aýyň topragyndan kislorod öndürilmeginiň gelejekde aýda alynyp baryljak barlaglar üçin iňňän möhümdigini aýtdy.

Ysraýyl firmasy taslama laýyklykda 1 tonna aý topragyndan 250 kilogram lislorod öndürmegi nazarda tutýar.

 



Degişli Habarlar