ABŞ Kabula 1000 Esger Ugradar

Şeýlelikde ABŞ-nyň Owganystana ugradan goşmaça güýçleriniň sany 6 müňe barabar boldy

1692388
ABŞ Kabula 1000 Esger Ugradar

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat Sekretary Jon Kirbi Owganystanyň paýtagty Kabuldaky halas ediş operasiýasyna goldaw bermek üçin goşmaça müň esgeriň ugradyljakdygyny beýan etdi.

Pentagonyň metbugat Sekretary Kirbi ministrlikde beren beýanatynda ABŞ-nyň Kabulda alyp barýan halas ediş operasiýasy hakynda maglumat berdi.

Kirbi Kabuldaky amerikalylaryň we ABŞ-na goldaw beren owganlaryň halas edilmegi üçin Kabula goşmaça müň esger ugratmak hakynda karar kabul edendiklerini aýtdy.

Metbugat Sekretary şol karar bilen Amerikan hökümetiniň halas ediş operasiýasy üçin Owganystana ugradan goşmaça esgerleriniň sanynyň 6 müňe golaýlandygyny beýan etdi.

ABŞ bilen Talibanyň arasynda 2020-nji ýylyň fewralynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda halkara güýçleriň Owganystandan çekiliş tapgyry başlapdy.



Degişli Habarlar