Tramp Talibanyň Kabuly Ele Geçirmeginden Soň Baýdeniň Wezipesinden Çekilmegini Isledi

“Jo Baýdeniň Owganystanda başdan geçirlen wakalara rugsat berendigi üçin wezipesinden çekilmeginiň wagty geldi”

1691927
Tramp Talibanyň Kabuly Ele Geçirmeginden Soň Baýdeniň Wezipesinden Çekilmegini Isledi

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, Talibanyň Owganystanyň paýtagty Kabuly ele geçirmeginden soň Prezident Baýdeniň wezipesinden çekilmegi üçin çagyryş berdi.

Tramp mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda “Jo Baýdeniň Owganystanda başdan geçirlen wakalara rugsat berendigi üçin wezipesinden çekilmeginiň wagty geldi” diýdi.

Donald Tramp, Baýdeniň wezipesinden çekilmegi üçin beren çagyryşynyň öňüsyrasynda çap eden jarnamasynda bolsa “Jo Baýdeniň Owganystan syýasaty Amerikanyň taryhynyň iň uly ýeňilişlerinden biri hökmünde taryha geçer” diýipdi.



Degişli Habarlar