Abdullah Abdullah Owganystandaky ýagdaý barada beýanat berdi

Owganystanyň Milli Ylalaşyk Ýokary geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah, parahatçylyk tapgyrynda entegem öňe gidişlik edilmändigini habar berdi

1689892
Abdullah Abdullah Owganystandaky ýagdaý barada beýanat berdi

Owganystanyň Milli Ylalaşyk Ýokary geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah, Kataryň paýtagty Doha şäherinde daşary ýurtlaryň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda, ýurdyň häzirki ýagdaýynyň tankydydygyny beýan etdi. 

Owganystana garşy potensial howplaryň bardygyny aýdan Abdullah, häzirki ýagdaýdan çykmak üçin taraplaryň çaknyşyklaryny bes edip, syýasy ylalaşyga tarap ugrukmalydyklaryny habar berdi. 

Abdullah, Owgan parahatçylyk tapgyrynda Talibanyň çynlakaý çemeleşmeýänligi sebäpli soňky aýlarda gepleşiklerde öňe gidişlik edilmändigini aýan etdi. 

Abdullah: "Taliban eger owgan halkynyň we hökümetiniň ynamyny gazanmak isleýän bolsa, onda uly şäherlere gurýan hüjümlerini bes etsin" diýip mälim etdi. 

Beýleki tarapdan Abdullah, ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad başda bolmak bilen ençeme ýurdyň wekilleri bilen Owgan parahatçylyk tapgyryny ara alyp maslahatlaşdy. 

ABŞ-nyň Owganystandan harby güýçlerini çekmek baradaky kararyndan soň hüjümlerini barha artdyran Taliban, ýurdyň Orta Aziýa bilen arabaglanşygyny üpjün edýän demirgazyk welaýatlarynyň merkezlerini yzly-yzyna basyp alýar.

Taliban soňky 7 günde biri ülkäniň günorta-günbatarynda, biri günbatarynda, beýleki ýedisi bolsa demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda bolmak bilen jemi 9 welaýatyň merkezini Owgan howpsuzlyk güýçlerinden basyp aldy. 

Owganystanyň hökümeti 34 welaýat merkeziniň 25-sini entegem öz gözegçiligine saklaýar. 



Degişli Habarlar