Owganystanyň üç uly şäherinde Taliban bilen çaknyşyklar dowam edýär

Owganystanda parahatçylyk tapgyry näbelli bolmagynda galyp, ýurtda howpsuzlyk güýçleri bilen Talibanyň arasyndaky berk çaknyşyklar dowam edýär

1685546
Owganystanyň üç uly şäherinde Taliban bilen çaknyşyklar dowam edýär

Owganystanyň günortasyndaky Helmand, günbataryndaky Hyrat we demirgazygyndaky Jüzjan welaýatlarynyň merkezlerinde Talibanly başbozarlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky ýaragly çaknyşyklar dowam edýär. 

Helmandyň welaýat şurasynyň wekili Ataullah Afgan metbugata beren beýanatynda, Talibanly başbozarlaryň soňky birnäçe gün bäri Helmandyň merkezindäki tussaghanany ele geçirmäge synanyşýandygyny, Talibanyň agyr ýitgiler çekendigini we howpsuzlyk güýçleriniň arasynda hem ýogalanlaryň bardygyny habar berdi. 

Beýleki tarapdan 215-nji Meýwend harby korpusyň serkerdesi general Sami Sadat, çaknyşyklarda asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin şäheriň ýaşaýjylarynyň iň gysga wagtda Helmand welaýatynyň merkezi Leşkergah şäherini terk etmeklerini isledi. 

Hyrat welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň resmileri hem Talibanly başbozarlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklaryň Hyrat Halkara howa menzliniň töwereginde dowam edýändigini mälim etdi. 

Ýurdyň demirgazygyndaky 209-njy Şahin harby korpus serkerdeliginden berilen beýanatda, Talibanly başbozarlaryň Jüzjan welaýatynyň merkezi Şibirgan şäherine 2 aýry ugurdan hüjüme geçmeginden soň howa hüjümleriniň guralandygy aýan edildi.  

Hüjümlerde 57 Talibanly başbozaryň öldürilendigi habar berilen beýanatda, 18 başbozaryň bolsa ýaralanandygy beýan edildi. 

Şibirgan şäheriniň ýaşaýjylary bolsa Talibanly başbozarlaryň şäheriň merkezine örän golaýlaşandyklaryny we çaknyşyklar sebäpli öýlerinden daşaryk hem çykyp bilmeýändiklerini aýan etdiler. 

Owganystanda parahatçylyk tapgyry näbelli bolmagynda galyp, ýurtda howpsuzlyk güýçleri bilen Talibanyň arasyndaky berk çaknyşyklar dowam edýär. 

Ýerli resmilerden alynan maglumata görä Taliban ýurdyň 407 etrabynyň 150-den gowragyny merkezleri bilen birlikde öz gözegçiliginde saklaýar. 

Ýurtdaky 34 welaýat merkezi bolsa hökümet güýçleriniň gözegçiligi astyndadygy habar berilýär. 



Degişli Habarlar