Owganystanda 5 welaýata uçar saparlary bes edildi

Owganystanda artan hüjümler we howpsuzlyk aladalary sebäpli ýurdyň içindäki 5 aýry welaýata uçar saparlarynyň bes edilendigi mälim edildi

1683646
Owganystanda 5 welaýata uçar saparlary bes edildi

Owganystanyň Içeri işler ministrligi, ýurdyň günortasyndaky Kandagar howa menziline raketaly hüjümiň guralandygyny habar berdi. 

Hüjümde hiç kime zyýan ýetmändigi bellenen beýanatda, hüjüm sebäpli howa menziline uçar saparlarynyň bes edilendigi aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Raýat awiasia edarasyndan berilen beýanatda, ýurdyň Badahşan, Kunduz, Farýab, Helmand we Kandagar welaýatlaryna uçar saparlarynyň bes edilendigi habar berildi. 

Mundan başgada ýurdyň günbataryndaky Hyrat howa menzilindäki uçar saparlarynyň hem 2 gün ozal çaknyşyklar sebäpli togtadylandygy beýan edildi. 

Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, ýurdyň 13 welaýatynda soňky 24 sagatda Talibanly başbozarlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýaragly çaknyşyklaryň başdan geçirilendigi aýan edildi. 

Çaknyşyklarda 254 başbozaryň öldürilendigi, 97 başbozaryň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Beýanatda operasiýalarda partladylmak üçin taýar ýagdaýa getirilip goýulan 13 bombanyň hem täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellendi. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa başbozarlaryň Helmand welaýatynyň merkezindäki öňe gidişlikleriniň dowam edýändigi habar berildi. 

Owganystanda parahatçylyk tapgyry näbelliligini dowam etdirýärkä howpsuzlyk güýçleri bilen Talibanyň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär. 

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä, Taliban ýurtdaky 407 etrabyň 150-den gowragyny, merkezleri bilen birlikde basyp aldy. 

Ýurtda 34 welaýat merkezi hökümet güýçleriniň gözegçiligi astynda.



Degişli Habarlar