Dünýä derejesinde 4 milliard 140 million doza Kowid-19 sanjymy edildi

Türkiýe sanjymlama taýdan dünýäde 8-nji orun eýeleýär

1683611
Dünýä derejesinde 4 milliard 140 million doza Kowid-19 sanjymy edildi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasyna garşy 4 milliard 140 million doza sanjym edildi.

Dünýädäki Kowid-19 sanjymlama tapgyry barada maglumat berýän "Ourworldindata.org" saýtynyň berýän habaryna görä, Hytaý 1 milliard 650 million dozadan gowrak sanjym bilen iň köp Kowid-19 sanjym etdiren ýurt bolan bolsa, Hytaýdan soň 470 million 298 müň doza bilen Hindistan, 345 million 640 müň doza bilen ABŞ, 142 million 490 müň doza bilen Braziliýa, 92 million 50 müň doza bilen Germaniýa, 84 million 940 müň doza bilen Beýik Britaniýa, 84 million 10 müň doza bilen Ýaponiýa, 73 million 314 müň doza bilen Türkiýe, 72 million 670 müň doza bilen Fransiýa, 68 million 510 müň doza bilen Italiýa, 67 million 760 müň doza bilen Indoneziýa, 66 million 710 müň doza bilen Meksika, 61 million 900 müň doza bilen Russiýa we 56 million 190 müň doza bilen Ispaniýa ýaly ýurtlar gelýär. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #dünýä , #doza , #sanjym

Degişli Habarlar