Alýaskada 8,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Alýaska ştatynda 8,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1682210
Alýaskada 8,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi takmynan 47 km ýeriň aşagynda emele gelen ýer titremäniň güýç merkeziniň Perrywille şäheriniň 91 km uzaklygynda suw giňişliginde bolandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi ululygy 8,2 bal bolan ýer titremeden soň sunami duýduryşyny berdi. 

Sebitde güýçli ýer titremeden soň 6,2 we 5,6 bal ululyklarynda kiçiräk ýer titremeler hem boldy. 



Degişli Habarlar