ABŞ-nyň Yrakdaky İlçihanasyna Raketa Hüjümi Guraldy

Yragyň hökümeti tarapyndan hem heniz mesele hakynda hiç hili beýannama berilmedi.

1682235
ABŞ-nyň Yrakdaky İlçihanasyna Raketa Hüjümi Guraldy

ABŞ-nyň Yragyň paýtagty Bagdatdaky ilçihanasyna raketa hüjümi guraldy.

Yragyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, Bagdatda ýaşyl zolakda ýerleşýän ABŞ-nyň ilçihanasynyň golaýyna 2 raketa atyldy.

Raketa hüjüminde ýogalanyň ýada ýaralananyň bolup bolmandygy hakynda maglumat berilmedi.

Yragyň hökümeti tarapyndan hem heniz mesele hakynda hiç hili beýannama berilmedi.

ABŞ-nyň Yrakdaky merkezlerine soňky döwürde ýygy-ýygydan hüjüm guralýar. Hüjümiň arkasynda Eýrana ýakyn şaýy söwelşiji toparlaryň bardygy öňe sürülýär.


Etiketkalar: #hüjüm , #raketa , #ilçihana , #Yrak

Degişli Habarlar