Tunisiň Prezidenti döwletiň käbir resmilerini wezipesinden çetleşdirdi

Tunisiň Prezidenti Kaýs Said döwletiň käbir resmilerini wezipesinden çetleşdirdi

1681423
Tunisiň Prezidenti döwletiň käbir resmilerini wezipesinden çetleşdirdi

Döwlete degişli Ar-Riýad býulletende, Prezident Kaýs Saidiň geçen hepdäniň ýekşenbe gününden bäri dowam edýän käbir döwlet resmileriniň wezipesinden çetleşdirilmegi bilen bagly täze kararlarynyň üstünde durulyp geçildi. 

Kararlaryň çäginde Premýer ministrlik Diwanynyň müdüri Al-Muiz Ledinillah al-Mukaddem, Hökümediň baş sekretary Welid az-Zehebi, Premýer ministriň maslahatçylary Reşad bin Ramadan, Seşim at-Teýsewi we Müfdi al-Mesedi, Ynkylap we terrora garşy operasiýalaryň Şehitleri we şikes ýetenleri wekiliýetiniň başlygy Abdurrezzak al-Keýlani wezipelerinden çetleşdirildi. 

Mundan başgada Premýer ministriň 8 maslahatçysy bilen şol diwanda işleýän 8 işgär hem wezipesinden çetleşdirildi. 

Tunisiň Prezidenti Kaýs Said 26-njy iýulda ýurdyň Premýer ministriniň, Goranmak ministriniň we Adalat ministriniň wezipesinden çetleşdirilmekleri bilen bagly karar kabul edipdi. Tunisiň Premýer ministri Hişam al-Meşişi karardan soň beren beýanatynda, Prezidentiň täze bir Premýer ministr bellän halatynda halkyň howpsuzlygy we haky üçin wezipesinden çekiljekdigini habar beripdi.  

Tunisde 25-nji iýulda hökümede we oppozisioner partiýalara garşy ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda protestler geçirilipdi, ýüze çykan wakalarda Nahda hereketi başda bolmak bilen käbir partiýalaryň merkezlerine hüjümler guralypdy. 

Prezident Kaýs Said bolsa mejlisiň ähli ygtyýarynyň bes edilendigini, deputatlaryň eldegrilmesizlikleriniň aýrylandygyny, Premýer ministr al-Meşişini wezipesinden çetleşdirendigini we özi tarapyndan bellenjek Premýer ministri bilen ýurdyň dolanşygyny öz üstüne aljakdygyny mälim edildi. 

Hökümede garşy bu agdarlyşykdan soň esgerler Tunisiň mejlisiniň başlygy we Nahda hereketiniň lideri Raşid al-Gannuşini we ýanyndaky deputatlary Mejlise salmadylar. 


Etiketkalar: #Prezident , #hökümet , #Tunis

Degişli Habarlar