Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanda soňky 24 sagatda Taliban bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan ýaragly çaknyşyklarda 89 Talibanly başbozar öldürildi

1680499
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň Goranmak ministrligi, soňky 24 sagatda ýurdyň 11 welaýatynda Talibanly başbozarlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýaragly çaknyşyklaryň bolandygyny habar berdi. 

Ýaragly çaknyşyklarda 89 Talibanly başbozaryň öldürilendigi, 82 başbozaryň bolsa ýaralanandygy habar berilen beýanatda, çaknyşyklardan soň partladylmak üçin taýar edilip goýulan 13 bombanyň gözegçilik astynda partladylandygy mälim edildi. 

Taliban tarapyndan mesele bilen bagly entek beýanat berilmedi. 

Goranmak ministrliginden berilen ozalky beýanatda hem howpsuzlyk güýçleriniň Talibanyň gözegçiligi astyndaky etraplary yzyna almak üçin operasiýalar geçirýändigini, Balh welaýatynyň Kalder etrabynyň Talibandan yzyna basylyp alynandygy aýan edilipdi. 



Degişli Habarlar