Ýaponiýa Mişustiniň Kuril Adalaryna Saparyndan Biynjalyk

Ýaponiýa Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň Kuril adalaryna saparyny “iňňän ýerliksiz” diýip häsýetlendirdi

1680177
Ýaponiýa Mişustiniň Kuril Adalaryna Saparyndan Biynjalyk

Ýaponiýanyň Ministrleriniň kabinetiniň Baş sekretary Kato Katsunobu geçiren metbugat ýygnagynda Mişustiniň Hokkaidonyň demirgazygyndaky Kuril adalar toplumyndan Etorufu adasyna sapar guramasyna reaksiýa bildirdi.

Kato Mişustiniň saparynyň Demirgazyk adalary meselesinde Ýaponiýanyň dowam edip gelýän pozisiýasyna bap gelmeýändigini we iňňän ýerliksizdigini aýtdy.

Kato ýurdunyň sapar sebäpli Russiýa protest notasyny berjekdigini beýan etdi.

4 günlük Uzak Gündogar we Sibir saparynyň çäginde Etorufu adasyna baran Mişustin, adadaky hassahanalardan birine we deňiz önümleri zawoduna baryp gördi.

“Kýody” gullugynyň Ýaponiýanyň hökümetine salgylanyp berýän habaryna görä resmi Tokio Premýer-ministr Mişustiniň adalara sapar guramakdan çetde durmagyny talap etdi.

Sowet Soýuzy 2-nji Jahan urşundan soň Ýaponiýanyň Ýuwaş ummany bilen Ohotsk deňiziniň arasyndaky uzynlygy 1300 kilometre barabar bolan Kuril adalaryny 1945-nji ýyda basyp alypdy.

 



Degişli Habarlar