Malide ýurdyň Prezidenti Goita garşy pyçakly hüjüm guramak islän adam ýogaldy

Beýanatda hüjümçiniň näme sebäpli ýogalandygy geçiriljek derňewleriň ahyrynda aýan ediljekdigi habar berildi

1680090
Malide ýurdyň Prezidenti Goita garşy pyçakly hüjüm guramak islän adam ýogaldy

Malide 24-nji maýdaky agdarlyşykdan soň häkimiýetiň başyna geçip, raýat geçiş tapgyrynyň Prezidenti bolan Assimi Goitä garşy pyçakly hüjüm guramak islän adam göz tussaglygynda bolan mahaly ýogaldy. 

Maliniň hökümeti tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, şahsyýeti aýan edilmedik hüjümçiniň göz tussaglygyna bolan mahaly huşuny ýitirendigi we alynyp gidilen hassahanasynda ýogalandygy mälim edildi. 

Beýanatda hüjümçiniň näme sebäpli ýogalandygy geçiriljek derňewleriň netijesiniň ahyrynda aýan ediljekdigi habar berildi. 

Raýat geçiş tapgyrynyň Prezidenti Goitä garşy Gurban baýramynyň ilkinji gününde ýurdyň paýtagty Bamako şäherindäki Uly metjitde okalan baýram namazyndan soň pyçakly bir adam arka tarapyndan gelip, hüjüm guramak isläpdi.  

Hüjümçi we ýanyndaky ýene-de bir adam wakanyň bolan ýerinde göz tussaglygyna alyndy, Goita wakada ýaralanmadan halas boldy. 

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladylypdy. 

2020-nji ýylyň awgust aýynda harby agdarlyşygyň arkasyndaky adam bolan we raýat geçiş tapgyrynda Wise-prezident wezipesini ýerine ýetiren polkownik Goita, 24-nji maýda Prezident Bah Ndaw we Premýer ministri Moktar Ouane bilen birlikde köp sanda döwlet adamsynyň göz tussaglygyna alynmagy barada buýruk beripdi. 

Goita 7-nji iýunda geçiş tapgyrynyň Prezidenti hökmünde kasam edip resmi ýagdaýda wezipä başlapdy. 



Degişli Habarlar