Gollandiýada 1 Tonna 760 Kilogram Kokain Ele Geçirildi

Rotterdam portunda geçen hepde hem Ekwadordan giden gämide 3 tonna kokain ele geçirlipdi.

1680004
Gollandiýada 1 Tonna 760 Kilogram Kokain Ele Geçirildi

Gollandiýanyň port şäheri Rotterdamda, Kosta-Rikadan giden gämide 1 tonna 760 kilogram agyrlygynda kokain ele geçirildi.

Mesele hakynda berlen beýannamada, Kosta Rikadan giden gämidäki konteýnerlerde howpsyzlyk güýçleri tarapyndan geçirlen barlagda kartoşka çuwallarynyň içinde 1 tonna 760 kilogramlyk kokainiň ele geçirlendigi nygtaldy.

Bazar gymmaty 132 million ýewro bolan kokainiň, Gagadaky bir firma ugradylandygy anyklandy.

Rotterdam portunda geçen hepde hem Ekwadordan giden gämide 3 tonna kokain ele geçirlipdi.


Etiketkalar: #tonna , #Gollandiýa , #kokain

Degişli Habarlar