Angolanyň lideri Türkiýä sapar gurar

Angola döwletiniň Prezidenti Türkiýede saparda bolar

1680070
Angolanyň lideri Türkiýä sapar gurar

Angolanyň Prezidenti Žoao Manuel Gonsalweş Lourensu Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda 3 gün dowam etjek resmi sapar bilen Türkiýä geler. 

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä iki ýurdyň arasynda Prezident derejesindäki bu ilkinji saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda, Türkiýe-Angola gatnaşyklary ähli taraplaýyn gözden geçiriler, biri-birinden tapawutly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alynyp maslahatlaşylar. 

OPEK we Portugal dillerinde gepleşýän ýurtlar jemgyýetiniň döwürleýin başlygy bolan Angola bilen geçiriljek ikiçäk we toparara gepleşikleriň barşynda mundan başgada Afrika sebiti başda bolmak bilen sebitleýin we halkara meseleleriň üstünde durulyp geçiler. 

Saparyň çäginde tapawutly ugurlar boýunça ylalaşyklar baglaşylar. 


Etiketkalar: #sapar , #Türkiýe , #Angola

Degişli Habarlar