Eýranyň Töwriz şäherinde Huzistan welaýatynda geçirilýän protestlere goldaw berildi

Eýranyň Töwriz şäherinde suw ýetmezçiliginiň çekilýän Huzistan welaýatyndaky halka goldaw bermek maksady bilen protest geçirildi

1679671
Eýranyň Töwriz şäherinde Huzistan welaýatynda geçirilýän protestlere goldaw berildi

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä, Töwriz şäheriniň bazarynda bir ýere jemlenen topar şygarlar aýdyp, Huzistan welaýatyna degişli ýerlerde suwlaryň kesilmegini protest edýän halka goldaw berip protest geçirdi. 

Sosial mediada paýlaşylan wideo ýazgylarynda käbir demonstantlaryň häkimiýete garşy şygarlar aýdandygyny görüp bolýar. 

Adamlary dargatmak üçin demonstrantlara garşy güýç ulanan howpsuzlyk güýçleri olaryň käbirlerini göz tussaglygyna aldy. Beýleki tarapdan şäherde internediň hem çäklendirilendigi aýan edildi. 

Eýranda asly azerbaýjanly bolan aktiwistler birnäçe gün ozal Töwriz şäheri başda bolmak bilen ýurdyň käbir şäherlerinde Huzistan welaýatynda geçirilýän proteslere goldaw bermek maksady bilen demonstrasiýalaryň geçirilmegi barada çagyryş beripdiler. Şol çagyryşlardan soň käbir aktiwistler göz tussaglygyna alynypdy. 

Eýranyň günorta-günbatarynda ýaşaýjylarynyň aglabasy araplar bolan Huzistan welaýatynda suwlaryň kesilmegine reaksiýa bildiren sebitiň halky, 15-nji iýuldan bäri her gije köçelere çykyp protest aksiýalaryny geçirýärler. Eýranly resmiler protestlerde häzirki wagta çenli 5 demonstrant bilen 1 polisiýa işgäriniň ýogalandygyny mälim etdi. Resmiler demonstrantlaryň öjükdiriji toparlar tarapyndan öldürilendigini öňe sürýärler. Halkara Günä geçişlik guramasy bolsa howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 8 demonstranty öldürendigini öňe sürdi. 



Degişli Habarlar