Russiýa we ABŞ Strategik Durnuklylyk Boýunça Maslahat Geçirer

Russiýa bilen ABŞ-nyň wekiliýetleri 28-nji iýulda strtegik durnuklylyk boýunça pikir alyşar.

1679358
Russiýa we ABŞ Strategik Durnuklylyk Boýunça Maslahat Geçirer

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada 16-njy iýunda Prezident Wladimir Putiniň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde duşuşandygy ýatladylýar.

Şol duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň dowamy hökmünde Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialoga laýyklykda 28-nji iýulda Ženewada strategik durnuklylyk boýunça täze tapgyr gepleşikleriň geçiriljekdigine üns çekilýän beýannamada; “Rus wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rybažow, ABŞ-nyň wekiliýetine bolsa döwlet Sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman ýolbaşçylyk eder. Masahatda strategik durnuklylygyň dowam etdirilmegi, güýçlendirilmegi we ýaraglaryň gözegçiligi boýunça pikir alyşylar” diýilýär.



Degişli Habarlar