Kanadada Islamafobiýa Ýol Berilmez

Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo ýurdunda islamafobiýa ýol berilmejekdigini aýtdy

1679218
Kanadada Islamafobiýa Ýol Berilmez

Milli İslamafobiýa Sammiti Kanadanyň hökümetiniň ministrleri bilen resmi edaralaryň ýolbaşçylarynyň, musulmanlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we halkyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn formatda geçirildi.

Premýer-ministr Trýudo maslahatda sözlän sözünde: “Aç-açan bolalyň, Kanadada islamafobiýa ýol berilmez. Emma bu ýigrenji bir günde ortadan aýryljak zat däl” diýdi.

Trýudo; “Musulman kanadalylary goramak üçin başlangyçlarymyzy dowam etdirmek boýunça anyk çäreleri kesgitledil we bu ýigreni haçan, haýsy şertde ýüze çykanda-da ortadan aýyrmak boýunça beren wadamyzyň arkasynda durýandygymyzy nygtadyk. Hökümetimiz metjitleri we jemgyýetçilik merkezlerini goramak üçin iş alyp barýar. Onlaýn fanatizmi we radikalizmi ýok edip, aşa sag toparlary gadagan edýäris. Ýurtdaky musulman kanadalylar bilen birlikde hemmeler üçin eşretli, ynamly we sarpa goýulýan ýurt gurmaga dowam ederis” diýdi.



Degişli Habarlar