Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ABŞ-na sapar gurar

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý 30-njy awgustda ABŞ-na sapar gurar

1678529
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ABŞ-na sapar gurar

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jen Psaki tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen Ak Tamda duşuşjakdygyny belläp: "Bu sapar Russiýanyň Donbassda we Krymda dowam edýän agressiýasyna garşy ABŞ-nyň Ukrainanyň özbaşdaklygyna we territorial bütewiligine berýän egsilmez goldawyny tassyklar" diýip habar berdi. 

Beýanatda mundan başgada saparyň çäginde energetika howpsuzlygy babatynda iki ýurdyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ele alynjakdygy, Zelenskiýniň galplyga garşy göreşe we umumy demokratik gymmatlyklara esaslanýan reformalary durmuşa geçirmek baradaky tagallalaryna goldawyň üstünde durulyp geçiljekdigi mälim edildi.



Degişli Habarlar