Hytaýdaky silde ýogalanlaryň sany 33 adama ýetdi

Hytaýyň Hynan welaýatynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda ýogalanlaryň sany 33 adama ýetdi

1678809
Hytaýdaky silde ýogalanlaryň sany 33 adama ýetdi

Şinhua habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, 8 adamyň dereksiz ýiten Hynan welaýatynda, 376 müňden gowrak adam howpsuz ýerlere ýerleşdirildi.  

215 müň 200 gektardan gowrak oba hojalyk meýdanlaryna zyýan ýeten sil apatynyň ýurdyň ykdysadyýetine ýetiren zyýany 188 million 600 müň dollara ýetdi. 

Hynan welaýatynyň meteorologiýa gözegçilik öýi, ýagyşlaryň Anýang, Hybi, Şinşiang we Jiaozuo bilen birlikde ençeme şäherde dowam etmegine garaşylýanlygy sebäpli iň ýokary derejedäki adatdan daşary ýagdaý duýduryşyny berdi. 

Aşa ýagýan ýagyşlar düýn we şu gün şeýle hem Hynan welaýatynyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Huişian şäherini hem öz täsiri astyna aldy. 

Ýerli hökümet sebitde 39 müň 583 adamdan ybarat halas ediş toparyň iş alyp barýandygyny we Huişian şäherinden häzirki wagta çenli 37 müň 953 adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini mälim etdi. 

Sosial mediada paýlaşylan wideo ýazgylarynda metrolarda we awtobuslarda siliň suwunyň stullaryň üstüne çykyp halas edilmäge garaşýan ýolagçylaryň döşüne çenli ýetendigini görüp bolýar. 

Köle öwrülen Jyngjou şäheriniň ýollarynda ulaglaryň siliň suwuna süýrenýändigini, käbir adamlaryň ulaglaryň üstüne çykyp halas edilmäge garaşýandygyny görüp bolýar. 

Beýleki tarapdan bolsa Hytaýda 15-nji iýulda gurluşygy dowam edýän tunelleriň birini suw basmagy netijesinde içinde galan 14 adamyň jesedi tapyldy. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Hytaý

Degişli Habarlar