Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibe guran hüjüminde asuda ilatdan 7 adam ýaralandy

Hüjümde 1-i zenan, 3-si çaga asuda ilatdan jemi 7 adam ýogaldy, 3 adam bolsa ýaralandy, ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanalara ýatyryldy

1678623
Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibe guran hüjüminde asuda ilatdan 7 adam ýaralandy

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň we Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlaryň, Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynyň çäginde ýerleşýän Iblin obasyna guran hüjümlerinde asuda ilatdan 7 adam ýogaldy, 3 adam bolsa ýaralandy. 

Siriýanyň Raýat goranyş topary çeşmelerinden berilen beýanata görä, Asada tabynlykdaky güýçler, Idlibiň günortasynda Iblin obasyna gury ýerden hüjümler gurady. 

Hüjümde 1-i zenan, 3-si çaga asuda ilatdan jemi 7 adam ýogaldy, 3 adam bolsa ýaralandy, ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanalara ýatyryldy. 

Oppozisionerlere degişli uçar gözegçilik öýi hem Russiýa degişlidigi kesgitlenen harby uçarlaryň şu gün irden Idlibiň günoratsyndaky Bara, Ihsim we Miraýan obalaryna howa hüjümlerini gurandygyny habar berdi. 

Beýleki tarapdan Siriýadaky Başar Asada tabynlykdaky güýçler Homs welaýatynyň käbir nokatlaryna Ysraýyl tarapyndan howa hüjümleriniň guralandygyny öňe sürdi. 



Degişli Habarlar