ABŞ we Germaniýa "Demirgazyk Akym 2" taslamasy boýunça ylalaşdylar

ABŞ we Germaniýa Russiýadan Ýewropa geçirilýän "Demirgazyk Akym 2" gaz geçiriji turba taslamasynyň tamamlanmagyna rugsat berjek ylalaşyk baglaşdylar

1678612
ABŞ we Germaniýa "Demirgazyk Akym 2" taslamasy boýunça ylalaşdylar

Ylalaşyk bilen ABŞ we Germaniýa, Russiýanyň "Demirgazyk Akym 2" taslamasynyň syýasy bir ýarag hökmünde ulanmagyna garşy durmak barada jogapkärçiligi öz üstüne alýarlar. 

Iki ýurt tarapyndan berilen umumy beýanatda: "ABŞ we Germaniýa sanksiýalar we beýleki enjamlar bilen maliýe taýdan jogapkärçilikler getirip, Russiýany agressiýasyndan we erbet niýetli işlerinden jogapkär tutmak baradaky tutanýerlilikde birleşýärler" diýip habar berildi. 

Russiýanyň energiýany bir ýarag hökmünde ulanan ýa-da Ukraina garşy has köp aksiýalar etmäge synanyşan halatynda Germaniýanyň milli derejede işe girişjekdigi mälim edildi. 

Beýanatda Russiýanyň energetika pudagynda Ýewropa eksport göwrümini çäklendirmek üçin sanksiýalaryň girizilmegi bilen birlikde Ýewropa derejesinde täsirli çäreler bilen basyş etjekdigi habar berildi. 

Beýanatda ABŞ-nyň we Germaniýanyň Ukrainanyň energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagy üçin 1 milliard dollarlyk bir gaznany döretmek baradaky jogapkärçiligi öz üstlerine alýandygy we ilkinji tapgyrda Germaniýanyň 175 million dollar kömek berjekdigi aýan edildi. 

Jemi gymmady 10 milliard ýewro töweregi bolmagyna garşylýan "Demirgazyk Akym-2" taslamasy bilen ýylda 55 milliard kub metrlik rus gazynyň Baltika deňiziniň üsti bilen Germaniýa daşalmagy meýilleşdirilýär. 

Taslama garşy bolan ýurtlar, Russiýanyň "Demirgazyk Akym-2" taslamasy bilen Ýewropa ýurtlaryny Russiýa bolan garşlylygyny artdyrmaga synanyşýandygyny öňe sürýärler. 



Degişli Habarlar