Eýranda ýer titremesi boldy

Eýranyň günortasyndaky Pars welaýatynda 5,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1677126
Eýranda ýer titremesi boldy

Tähran uniwersitediniň Seýismalogiýa merkezinden berilen beýanata görä, güýç merkezi Pars welaýatynyň Kazirun etrabynyň Heşt şäherçesi bolan ýer titreme ýerli wagt bilen sagat 19:04-de boldy. 

Ýer titremäniň ýeriň 11 km aşagynda emele gelendigi mälim edildi. 

Ýer titremede adam ýitgisiniň bolup bolmandygy barada entek maglumat berilmedi. 


Etiketkalar: #ýer titremesi , #Eýran

Degişli Habarlar