Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok

1677031
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy. 

Kandagar welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Jemal Nasyr Barikzeý, Kandagar şäheriniň Argistan köçesiniň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň asuda ilaty daşaýan ulagyň şol ýerden geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi. 

Asuda ilatdan 5 adamyň ýogalandygyny aýdan Barikzeý, hüjümiň jogapkäriniň Talibandygyny mälim etdi. 

Emma hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok. 



Degişli Habarlar