Fransiýada sanjym mejburylygyna garşy we saglygy goraýyş bilen bagly protest geçirildi

Fransiýanyň ençeme şäherinde Kowid-19 sanjymynyň mejburylygy we saglyk kartyna garşy durýan adamlar tarapyndan geçirilen protestlere 114 müň adam gatnaşdy

1676968
Fransiýada sanjym mejburylygyna garşy we saglygy goraýyş bilen bagly protest geçirildi

Fransiýanyň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, ýurdyň paýtagty Pariž şäheri başda bolmak bilen Lion, Marsel, Perpinýan, Lill we Tuluza ýaly ençeme şäherde geçirilen protestlere 114 müň adamyň gatnaşandygy habar berildi. 

Beýanatda Pariž şäherinde geçirilen 3 aýry proteste jemi 18 müň adamyň gatnaşandygy mälim edildi. 

Guramaçylar ýurt derejesindäki protestlere 150 müň adamyň gatnaşandygyny aýan etdiler. 

Howpsuzlyk güýçleri Lion şäherindäki protestlere gatnaşan adamlary dargatmak üçin gözüňi ýaşardýan gaz ulandy, 9 adam göz tussaglygyna alyndy. 

Hökümediň metbugat sekretary Gabriel Attal, Le Parisien gazedine beren beýanatynda, proteste gatnaşan adamlaryň hökümediň saglygy goraýyş bilen bagly öňüni alyş çärelerine reaksiýa bildirýändigini, käbirleriniň hökümedi wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak bilen günäkärleýändigini belläp, protestlere gatnaşan sanjyma garşy bolan adamlaryň bolsa şolaryň az bölegini emele getirýändigini we olaryň sanjymy saýlan adamlara täsir ýetirmegine rugsat bermejekdiklerini beýan etdi. 


Etiketkalar: #protest , #Fransiýa

Degişli Habarlar