ABŞ-da Koronawirusyň Delta Görnüşi Sebäpli Wirusa Ýoluganlaryň Sany 70 Göterim Artdy

Koronawirusyň Delta görnüşi dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýär

1676800
ABŞ-da Koronawirusyň Delta Görnüşi Sebäpli Wirusa Ýoluganlaryň Sany 70 Göterim Artdy

 

ABŞ-nyň Hassalyklara garşy göreş we öňüni alyş merkeziniň ýolbaşçysy Walenski, ýurtda koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň 70 göterim, epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sanynyň bolsa 26 göterim artandygyny mälim etdi.

Walenskiý sanjym edilenleriň sanynyň az bolan ştatlarynda epidemiýanyň gün saýyn möwjeýändigini belledi.

ABŞ-nyň epidemiýa garşy göreş merkeziniň hünärmeni hem koronawirusyň Delta görnüşiniň dünýäde 100-e golaý ýurtda hasaba alynandygyny belledi.

ABŞ-da koronawirusa ýoluganlaryň sany soňky 1 hepde-de günde ortaça 26 müň adamdan geçýär.

Iýun aýynda koronawirusa ýoluganlaryň sany 11 müň adama çenli aşaklapdy.

Ýurtda Kovid-19 sebäpli häzire çenli 608 müň 828 adam ýogaldy.

 



Degişli Habarlar