Jo Baýden Bilen Angela Merkel Ak Tamda Duşuşdy

Iki lider Demirgazyk Akym 2, Russiýa bilen edilýän gatnaşyklar, Owganystan we Kovid-19 epidemiýasy hakynda pikir alyşdy.

1676176
Jo Baýden Bilen Angela Merkel Ak Tamda Duşuşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Ak Tamda duşuşdy.

Baýden bilen Merkel Demirgazyk Akym 2, Russiýa bilen edilýän gatnaşyklar, Owganystan we täze görnüş koronawirus epidemiýasy hakynda pikir alyşdy.

Baýden bilen Merkel özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Jo Baýden Germaniýadaky sil apaty sebäpli Merkele gynanç bildirdi.

Merkel, Baýdenyň ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine başlamagyndan soň Ak Tama baran Ýewropaly ilkinji lider boldy.

Angela Merkel, Germaniýanyň Federal Kansleri hökmünde soňky gezek ABŞ-na sapar gurady.



Degişli Habarlar