"Owganystan babatynda Türkiýä minnetdardyrys"

ABŞ-nyň Owganystandan çekilmäge başlamagy bilen birlikde Kabul Hamid Karzai howa menziliniň goralmagy babatynda ähli ünsler Türkiýä öwrüldi

1674460
"Owganystan babatynda Türkiýä minnetdardyrys"

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi, Kabul Hamid Karzai halkara howa menziliniň howpsuz ýagdaýda dolandyrylmagy babatynda berýän goldawy sebäpli Türkiýä minnetdardyklaryny beýan etdi.

ABŞ-nyň Owganystandan çekilmäge başlamagy bilen birlikde Kabul Hamid Karzai howa menziliniň goralmagy babatynda ähli ünsler Türkiýä öwrüldi.

Gündelik metbugat ýygnagynda meselele bilen bagly beýanat beren ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi, Kabul howa menzilinde entegem amerikan esgerleriň bardygyny, yza çekilmek tapgyrynyň tamamlanmagyndan soň, ol ýerdäki esgerleriň ýagdaýyny gözden geçirjekdiklerini habar berdi. 

Jon Kirbi: "Howa menzilinde howpsuzlygyň nähili boljakdygy babatynda türkler bilen gepleşiklerimizi dowam etdirýäris, bu tagallalara öňbaşçylyk etmek babatynda islegli bolandyklary üçin olara minnetdardyrys" diýip nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň gündelik metbugat ýygnagynda Türkiýäniň bu babatda berjek goldawy gün tertibe geldi. ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs: "Yza çekilmek tapgyry we Owganystandaky has giňişleýin howpsuzlyk ýagdaýy bilen bagly Türkiýäniň konstruktiw rolundan we mundan başgada diplomatik tapgyra berýän goldawyndan hoşaldyrys" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Kabul , #Owganystan , #ABŞ

Degişli Habarlar