ABŞ-nyň Maýami şäherinde çöken binanyň netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Daniella Lewin Kawa gözleg we halas ediş işleriniň şu gün irden ýyldyrymyň çakmagy sebäpli togtadylandygyny beýan etdi
ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäheriniň Surfside etrapçasynda 24-nji iýunda gije çöken 13 gatly binanyň harabalyklarynyň arasynda dowam edýän gözleg işleriniň netijesinde çykarylan jesetleriň sany 86-a ýetdi.
Maýami-Dade etrabynyň häkimi Daniella Lewin Kawa geçiren metbugat ýygnagynda binanyň aşagyndan çykarylan jesetleriň sanynyň 86-a ýetendigini, 43 adamyň bolsa entek tapylmandygyny mälim etdi.
Gözleg we halas ediş işleriniň şu gün irden ýyldyrymyň çakmagy sebäpli togtadylandygyny aýdan Daniella Lewin Kawa, ýogalan 86 adamyň 62-siniň şahsyýetleriniň anyklanandygyny aýan etdi.
Resmiler, harabalyklaryň aşagyndan diri galan adamlary tapmagyň mundan beýläk mümkin däldigini, indi adamlaryň jesetleriniň tapylmagy we arassaçylyk işleriniň geçirilýändigini beýan etdiler.
Degişli Habarlar
Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy
Boko Harama agza terrorçylaryň bolýan merkezine Sambisa tokaýyna operasiýa guraldy.