Maýamide çöken bina sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Jadallah, jemi ýogalanlaryň sanynyň 46 adama ýetendigini belläp, 100-e golaý adamyň bolsa entek tapylmandygyny mälim etdi

1671824
Maýamide çöken bina sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäheriniň Surfside etrapçasynda 24-nji iýunda çöken 13 gatly binanyň harabalyklarynyň aşagyndan ýene-de 10 adamyň jesediniň tapylmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 46 adama ýetdi. 

Maýami-Dade etrabynyň Ýangyn söndüriji gullugynyň başlygynyň orunbasary Raýd Jadallah, heläkçilikde ýogalan adamlaryň maşgalalary bilen geçiren gürrüňdeşliginde ýene-de 10 adamyň jesediniň tapylandygyny aýdandygyny habar berdi. 

Jadallah, jemi ýogalanlaryň sanynyň 46 adama ýetendigini belläp, 100-e golaý adamyň bolsa entek tapylmandygyny mälim etdi. 

Gözleg we halas ediş işleri eýýäm 14 gün bäri dowam edýän hem bolsa, resmiler harabalyklaryň aşagyndan diri adamyň tapylmagyna bolan umytlarynyň azdygyny belläp, maşgalalaryň gussaly habarlara taýar bolmaklary barada duýduryş brdiler. 

Florida ştatyna golaýlap gelýän Elsa tupany sebäpli binanyň galan bölegi hem howpsuz bolmanlygy sebäpli 3 gün ozal ýerli wagt bilen sagat 22:30-da gözegçilik astynda ýumrulypdy. 

Maýami Biçiň demirgazygynda takmynan 5 müň 600 ilatly Surfside diýilen ýerde 24-nji iýunda 13 gatly 270 otaglyk binanyň ýarsy duýdansyz ýagdaýda ýumrulypdy. 

Surfside etrapçasynyň resmileri, binanyň dolanşygy bilen 2018-nji ýylda geçiren ýazuw işlerinde 1981-nji ýylda gurulan bina zyýan ýetendigine ünsleri çekipdirler, jaýrylan sütünler bilen owranmaga başlanan betonda takmynan 9 million dollarlyk abatlaýyş işleriniň gerekdigini beýan edipdirler.


Etiketkalar: #bina , #Florida , #Maýami

Degişli Habarlar