Maýami şäherinde çöken 13 gatly binada ýogalanlaryň sany 36 adama ýetdi

Maýami-Dade etrabynyň häkimi Daniella Lewin Kawa, gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde ýene-de 4 adamyň jesediniň tapylandygyny habar berdi

1671269
Maýami şäherinde çöken 13 gatly binada ýogalanlaryň sany 36 adama ýetdi

ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäheriniň Surfside etrapçasynda 24-nji iýunda bir bölegi çöken 13 gatly binanyň harabalyklarynyň aşagyndan ýene-de 4 adamyň jesediniň tapylmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 36 adama ýetdi. 

Maýami-Dade etrabynyň häkimi Daniella Lewin Kawa, gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde ýene-de 4 adamyň jesediniň tapylandygyny habar berdi. 

Kawa tapylan 36 jesediň 29-synyň şahsyýetleriniň anyklanandygyny belläp, 109 adamyň bolsa entek harabalyklaryň aşagyndadygyny beýan etdi. 

Florida ştatyna golaýlap gelýän Elsa tupany sebäpli binanyň galan bölegi hem howpsuz bolmanlygy sebäpli 3 gün ozal ýerli wagt bilen sagat 22:30-da gözegçilik astynda ýumrulypdy. 

Maýami Biçiň demirgazygynda takmynan 5 müň 600 ilatly Surfside diýilen ýerde 24-nji iýunda 13 gatly 270 otaglyk binanyň ýarsy duýdansyz ýagdaýda ýumrulypdy. 

Surfside etrapçasynyň resmileri, binanyň dolanşygy bilen 2018-nji ýylda geçiren ýazuw işlerinde 1981-nji ýylda gurulan bina zyýan ýetendigine ünsleri çekipdirler, jaýrylan sütünler bilen owranmaga başlanan betonda takmynan 9 million dollarlyk abatlaýyş işleriniň gerekdigini beýan edipdirler.


Etiketkalar: #häkim , #bina , #Florida , #Maýami

Degişli Habarlar