Gurban baýramyndan ozal Siriýa geçişler başlady

Jilwegözü gümrük geçelgesinden geçişleriň 18-nji iýulda tamamlanjakdygy, Türkiýä bolsa 31-nji dekabra çenli gaýdyp gelip biljekdikleri aýan edildi

1670878
Gurban baýramyndan ozal Siriýa geçişler başlady

Siriýalylaryň 20-nji iýulda başlajak Gurban baýramy mynasybetli Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabyndaky Jilwegözü gümrük geçelgesinden ýurtlaryna geçişleri başlady. 

Baýram günlerini öz ýurtlarynda geçirmek isleýän siriýalylar, şu gün irdenden başlap gümrük geçelgesine gelmäge başladylar.

Siriýalylar pasport, deslapky hasaba alyş şahadatnamasy, wagtlaýyn gorag resminamasy ýa-da daşary ýurt şahsyýetnamasy bilen öz ýurtlaryna geçip bilýärler. 

Jilwegözü gümrük geçelgesinden geçişleriň 18-nji iýulda tamamlanjakdygy, Türkiýä bolsa 31-nji dekabra çenli gaýdyp gelip biljekdikleri aýan edildi. 



Degişli Habarlar