Erbil Howa Menziline Raketa Hüjümi Guraldy

Hüjüm sebäpli howa menziliniň golaýynda berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

1671457
Erbil Howa Menziline Raketa Hüjümi Guraldy

Yragyň Erbil şäherinde ýerleşýän Halkara Erbil howa menziline raketa hüjümi guraldy. Hüjümden soň howa menzilinde bolan ýangyn söndürildi.

Hüjüme sezewar bolan Harir harby bazasynda Amerikaly esgerleriň hem harby merkezi ýerleşýär.

Hüjümde ýogalan ýada ýaralanan bolmady.

Hüjüm sebäpli bolan ýangyn gözegçilik astyna alyndy.

Hüjüm sebäpli howa menziliniň golaýynda berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.



Degişli Habarlar