Maýamide çöken bina sebäpli ýogalanlaryň sany 28 adama ýetdi

Berilen habara görä, binanyň harabalyklarynyň arasynda dowam edýän gözleg işleriniň netijesinde ýene-de 1 adamyň jesedi tapyldy

1670725
Maýamide çöken bina sebäpli ýogalanlaryň sany 28 adama ýetdi

ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäheriniň Surfside etrapçasynda 24-nji iýunda bir bölegi çöken 13 gatly binanyň harabalyklarynyň aşagyndan ýene-de 1 adamyň jesediniň tapylmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 28 adama ýetdi. 

Ýerli mediada berilen habara görä, binanyň harabalyklarynyň arasynda dowam edýän gözleg işleriniň netijesinde ýene-de 1 adamyň jesedi tapyldy. 

Binanyň aşagyndaky ýene-de 117 adamdan bolsa entegem habar alyp bolanok. 

Florida ştatyna golaýlap gelýän Elsa tupany sebäpli binanyň galan bölegi hem howpsuz bolmanlygy sebäpli 2 gün ozal ýerli wagt bilen sagat 22:30-da gözegçilik astynda ýumrulypdy. 

Maýami Biçiň demirgazygynda takmynan 5 müň 600 ilatly Surfside diýilen ýerde 24-nji iýunda 13 gatly 270 otaglyk binanyň ýarsy duýdansyz ýagdaýda ýumrulypdy. 

Surfside etrapçasynyň resmileri, binanyň dolanşygy bilen 2018-nji ýylda geçiren ýazuw işlerinde 1981-nji ýylda gurulan bina zyýan ýetendigine ünsleri çekipdirler, jaýrylan sütünler bilen owranmaga başlanan betonda takmynan 9 million dollarlyk abatlaýyş işleriniň gerekdigini aýan edipdirler.



Degişli Habarlar