Peskow Owganystandaky Durnuksyzlyga Alada Bildirýändiklerini Aýtdy
Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat Sekretary Dmitriý Peskow Owganystandaky durnuksyzlyga alada bildirýändiklerini aýtdy
1670105
Peskow paýtagt Moskwada Owganystanda ýüze çykan şertlere alada bildirýändiklerini nygtap: “Elbetde ABŞ-nyň we ýaranlarynyň Owgantandan çekilmeginden soň ýurtdaky soňky ýagdaýlar bizi aladalandyrýar. Mesele bilen ýakyndan gyzyklanýarys we gynansagam şertleriň durnuksyzlaşýandygyny görýäris” diýdi.
Rus harby güýçleriniň Owganystana ugradylma ähtimallygy barada-da durup geçen Peskow, onuň Owganystanyň hökümeti we Taliban bilen “maslahatlaşylmandygyny” aýtdy.
Peskow, goşmaça rus güýçleriniň Täjigistan-Owganystan serhedine ugradylmagy hakynda bolsa; “Goşmaça güýçleriň ugradylmagy hakynda bir zat aýdyp bilmerin. Şertler gowy däl. Şertlere görä degişli kararlar serhet gullugy tarapyndan kabul ediler” diýdi.