Owganystanda Talibanyň hüjümi yza serpikdirildi

Raufi bolan ýaragly çaknyşykda bir başbozaryň öldürilendigini, biriniň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi

1669662
Owganystanda Talibanyň hüjümi yza serpikdirildi

ABŞ-nyň 2 gün ozal boşaldan Owganystandaky iň uly howa bazasy bolan Bagramyň golaýyndaky harby birikmä Talibanly başbozarlar tarapyndan guralan ýaragly hüjüm yza serpikdirildi. 

Bagramyň häkimi Lala Şirin Raufi Talibanly başbozarlaryň düýn gije Bagram howa bazasynyň golaýyndaky harby birikmä hüjüm gurandygyny mälim etdi. 

Hüjümiň yza serpikdirilendigini aýdan Raufi, Talibanly başbozarlaryň maksadynyň 2 gün ozal ABŞ tarapyndan boşadylan Bagram howa bazasyny ele geçirmekdigini habar berdi. 

Raufi bolan ýaragly çaknyşykda bir başbozaryň öldürilendigini, biriniň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar